Erdogan Bakuwda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Erdoganyń ertir hem Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar

302668
Erdogan Bakuwda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa bardy

Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Prezident R. T. Erdogan 2 günlük resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.
R.T. Erdoganyń ertir hem Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar

Prezident Erdogan Türkiýe wagty bilen sagat 18-00-da 49 ýurtdan 6 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçiriljek 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz bilen Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç ýoldaşlyk edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar