Prezident Erdogan Azerbaýjana gidýär

Erdogan 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

299963
Prezident Erdogan Azerbaýjana gidýär

Prezident R. T. Erdogan 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 12-nji iýunda anna güni Azerbaýjana gider.
Prezident Erdoganyň Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda gurajak saparynyň çäginde kärdeşi Aliýew bilen birlikde Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak ýurtlaryň liderleri bilen iki çäk duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
Prezident Erdogan saparyny tamamlap 13-nji iýunda şenbe güni Türkiýä gaýdyp geler.
50 ýurtdan geljek 6 müňden gowrak türgen sporduň 20 ugry boýunça bäsleşer.
Türkiýe 1-nji Ýewropa oýunlaryna 192 türgen bilen gatnaşar we 19 ugur boýunça bäsleşer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar