Stambulyń zabt edilen güni dabara bilen bellenilip geçildi

Stambulyń zabtedilen gününiń 562-nji ýyly şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçildi

298511
Stambulyń zabt edilen güni dabara bilen bellenilip geçildi

Taryhda täze bir döwri başladan zabtedilşigiń Ýenikapy etrapçasyndaky şowhunly dabarasyna Prezident R.T.Erdogan,, Türkiýäniń Mejlisiniń Başlygy Jemil Çiçek we Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem gatnaşdy
Dabara Türk ýaragly güýçleriniń Harby orkestrinden we Taryhy Osman toparyndan 562 adamlyk harby orskestriń konserti bilen başlady.
Harby uçarlar Stambulyń gök asmanyndaky akrobatiki hereketleri bilen dabara öwüşgün çaýdylar.
Dabara gurhanyń okalmagy bilen dowam etdi.
Prezident R.T.Erdogan zabtedilşigi “tazeden direliş, tazeden beýgeliş üçin jebislenmek” hökmünde häsýetlendirdi.
Türkiýäniń Mejlisiniń Başlygy Jemil Çiçek bolsa Stambulyń Fatih Soltan Mehmetden galan mirasdygyny nygtap: “Şol mirasa eýe çykmak bizin boýnumyzyń borjudyr” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly bolsa Stambulyń dünýäniń merkezine öwrüljekdigini aýtdy.
Taryhy harby orkestr ýerine ýetiren marşlary bilen dabara gatnaşanlary joşa getirdi. Meýdanda oturdylan uly pannoda yşyk oýunlary bilen Stambulyń zabt edilişi suratlandyryldy.
Stambulyń zabt edilen gününe bagyşlanan dabara feýerwerkleriń ajaýyp bezegi bilen tamamlandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar