Muglada 250 bosgun tussag edildi

Muglanyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde gaýyk bilen daşary ýurda gitmek islän 250 bosgun tussag edildi

299129
Muglada 250 bosgun tussag edildi

Bodrumyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri Akýarlar etrapçasynda çiýşirilen gaýyklaryň yzyna düşdiler.

Turgutreis suw giňişliginde saklanan gaýyklarda aralarynda zenanlaryň we çagalaryň bar bolan siriýaly, owganystanly, eýranly we pakistanly 250 bosguny tussag etdiler.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň gämisine geçirilen bosgunlar Bodruma alynyp gidildi.

Bosgunlar saglyk gözegçiliginden geçirilenden soň, Türkiýäniň içeri işler ministrliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine ugradylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar