Türkiýe Arakanly musulmanlara ähli taraplaýyn goldaw berer

YHG-nyň maslahaty Kuweýtde geçirildi

296148
Türkiýe Arakanly musulmanlara ähli taraplaýyn goldaw berer

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň 2-nji maslahaty Kuweýtde geçirildi.
Maslahata Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda terrorçylyga garşy göreş, yslamafobia we bosgun meselesi ýaly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäginde iki çäk duşuşykler geçiren Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň Arakanly musulmanlara ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.
Saud Arabystanynyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde duşuşmaklary barada hem garaýyş beýan eden Çawuşogly, şuňa meňzeş platformalaryň aslynda dialog üçin amatly pursatdygyny nygtadly.
Çawuşogly Ýemen meselesiniň hem syýasy taýdan çözülip bilinjekdigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar