Türkiýe Gaza kömek bermäge dowam edýär

2014-nji ýylda Palestina jemi 76,3 million dollarlyk kömek berildi

291516
Türkiýe Gaza kömek bermäge dowam edýär

Türkiýe Gaza kömek bermäge dowam edýär.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Türkiýäniň Gaza yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömegini berýändigini aýtdy.
Tanžu Bilgiç 2014-nji ýylda Palestina jemi 76,3 million dollarlyk kömegiň berlendigini nygtady.
Gazanyň halkyna berilýän kömekleriň dowam etjekdigini aýdan Bilgiç, “2015-2017-nji ýyllary öz içine alýan döwürde Gaza 200 million dollarlyk kömegiň berilmegi üçin söz berdik” diýdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar