Ýene-de 83 bosgun tussag edildi

Türkiýäniň Bodrum etrabynda ýene-de 83 bosgun tussag edildi

286552
Ýene-de 83 bosgun tussag edildi

Bodrumda guralan 2 aýry operasiýada bikanun ýollar bilen Gresiýanyň Kos adasyna geçmek islän 83 bosgun tussag edildi.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugyna degişli 101-nji gaýyk Akýarlar suw giňişliginde bosgunlaryň gaýygyny saklady.

Gaýygyň gözegçilik işlerinde bikanun ýollar bilen Gresiýa geçmek islän siriýaly we eýranly 42 bosguň bardygy anyklanyldy.

Beýleki bir operasiýada bolsa Ortakent-Ýahşy etrapçasynyň Adabogazy suw giňişliginde 9 metr uzynlygyndaky gaýykda 41 bosgun tussag edildi.

Bosgunlaryň Kenarýaka howpsyzlyk gullygyndaky işleri tamamlananydan soň Muglanyň İçeri işler müdürliginiň daşary ýurtly raýatlar bölümine ugradylar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar