Prezident Erdogan resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina bardy

Prezident R.T.Erdogan şu gün bir günlik resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina bardy

281143
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina bardy

Prezident Erdogan saparynda Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy we agzalary bilen duşuşar, Wekiller we Halkar Mejlisiniň Prezidiumynyň agzalaryny, Ministrler kabinetiniň Başlygyny hem-de orunbasarlaryny kabul eder.
Ziraat banky tarapyndan Bosniýa-Gersegowina üçin 50 million ýewrolyk karzyň berilmegi baradaky ylalaşygyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşjak Erdogan, Bosniýa-Gersegowinadaky medeni mirasyň goralmagy ugrunda alynyp barylýan işleriň çäginde Gaznalar baş müdirligi tarapyndan abatlanan İsa Beý İshakowiç hammamy bilen TİKA tarapyndan abatlanan Hüňkär Metjidini açar.
Prezident R.T.Erdoganyň sapary dost we dogan ýurt Bosniýa-Gersegowina bilen kämil derejedäki gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi baradaky islegiň iň ýokary derejede beýan edilmegine şert döreder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar