Prezident Erdoganyń we Mejlisiń Başlygy Çiçegiń ýüzlenmeleri

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasybetli döwlet ýolbaşçylary ýüzlenme çap etdiler

280152
Prezident Erdoganyń we Mejlisiń Başlygy Çiçegiń ýüzlenmeleri

Prezident Erdogan baýramçylyk ýüzlenmesinde 2023-nji ýyla çenli döwür üçin öńde goýulan maksatlara ünsleri çekdi.
Erdogan “Garaşsyzlyk söweşine höküm eden ruhuń we ata-babalarymyzyń sońky 13 ýylda durmuşa geçirilen beýik ösüşleriń goşandy bilen 2023-nji ýyla çenli döwür üçin goýulan maksatlara tarap barýan günlerimizde biziń üçin möhüm ylham çeşmesi bolmaga dowam edýär” diýdi.
Prezident Erdogan 19-njy maýyń garaşsyzlyk göreşiniń başlangyjynyń tymsalydygyny nygtady.
Türkiýäniń Mejlisiniń Başlygy Jemil Çiçek bolsa ýüzlenmesinde “Garaşsyzlyk we gelejek ugrandaky göreşimiziń mirasdarlary, ýaşlarymyzdyr” diýdi.
Çiçek : “Taryh boýy ýesirligiń nämedigini bilmeýän türk mileti üçimn şu gün iń manyly günlerden biri. İçerki we daşarky duşmanlara garşy alyp barylan göreş bilen türk milletine biçilmek islenen kepen ýyrtylyp, ýok edildi” diýdi.
Jemil Çiçek ýüzlenmesini “Samsundan başladylan garaşsyzlyk we gelejek göreşimiziń häzirki mirasdarlary ýaşlarymyzdyr. Ýaşlarymyz ata-babalaryndan alan mirasyny, akylyń we ylymyń ýolbeletliginde buýsanç hem-de gaýratlylyk bilen geljege ýetirerler” diýip tamamlady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar