Mehmet Görmez Gaza guraýan saparyny dowam etdirýär
Görmez Gazadaky Nejmettin Erbakan Ýetimler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez Gaza guraýan saparyny dowam etdirýär.
Mehmet Görmez Gazadaky Nejmettin Erbakan Ýetimler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Görmez merkeziň Gazada ýetimlere hyzmat etjekdigini aýtdy.
Türk halkynyň palestinalylara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýdan Mehmet Görmez, “Gazadan ýüz öwürmeris we Gazanyň azat durmuşda ýaşajakdygyna ynanýarys” diýip belledi.
Mehmet Görmez saparynyň çäginde Gazada Türkiýe tarapyndan gurdurlan “Türkiýe-Palestina dostluk” hassahanasyna hem baryp gördi.
Gaza sapar guramakda gijä galandyklaryny aýdan Görmez türk halkynyň zulum çekýänleriň umydy bolmaga dowam edýändigini belledi.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d70c/b012/6827/6675746308657.jpg?time=1719199660)
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy