NATO-nyň Antalýadaky maslahaty dowam edýär

Daşary işler ministri Çawuşogly NATO-nyň Antalýada geçirilýän Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilýän maslahaty barada beýanat berdi

273840
NATO-nyň Antalýadaky maslahaty dowam edýär

Çawuşogly Owganystan, Ukraina, daşary ýurtly söweşijiler, bosgun meselesi ýaly ugurlaryň ara alynyp maslahatlaşylan mejlislerinde terror meselesiniň NATO agza ýurtlaryň howpsyzlynyň nähili üpjün edilip bilinjekdigi we terror howpynyň ortadan aýrylmagy barada pikir alyşylandygyny aýtdy.
Mewlüt Çawuşogly Ukrainadaky wakalaryň Ýewropa hem-de sebitde ýerleşýän ýurtlaryň howpsyzlygyna zyýan ýetirjek çäge ýetendigini nygtap, ukrainaly kärdeşi Klimkin bilen geçiren özara duşuşygynda Ukrainanyň territorial bitewiliginiň tarapynda durýandyklaryny, meseläniň diplomatik ýollardan çözülmelidigini aýtdy.
Çawuşogly Britaniýanyň Daşary işler ministri Hammond bilen geçiren duşuşygynda bolsa sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy.
Ministr Çawuşogly Siriýadaky meseleleriň daşary ýurtly söweşijiler sebäpli Britaniýany, Awstraliýany we beýleki köp sanly ýurdy gyzyklandyrýandygyny aýtdy.
Daşary ýurtly söweşijiler meselesinde maglumat alyşygynyň ýokarlandygyny nygtan Çawuşogly, Türkiýäniň ýetilen sepgitden kanagatlanmaýandygyna ünsi çekdi.
Ortaýer deňzi sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň gün tertibinde bolsa Liwiýa we bosgunlar meselesi öňe saýlanýar.
Mewlüt Çawuşogly gün tertibi Liwiýa we bikanun bosgunlardan ybarat bolan Ortaýer deňzi sebitinde ýerleşýän ýurtlaryna bolsa Türkiýäniň bu meselede ÝB bilen doly utgaşyklykda işleýändigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar