Jon Kerri Türkiýä geler

Kerri NATO-nyň 13-nji maýda Antalýada geçiriljek maslahatyna gatnaşar

270629
Jon Kerri Türkiýä geler

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Marie Harf Kerriniň ilki Russiýada saparda boljakdygyny aýtdy.
Harf mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda Kerriniň Garadeňiziň kenaryndaky Soçi şäherinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşjakdygyny belledi
Duşuşyklarda Eýran, Siriýa we Ukraina meselesi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.
Kerri Russiýadaky saparyndan soň Türkiýä geler we Antalýada geçiriljek NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.
Kerri şol gün Pars Aýlag ýurtlarynyň liderleriniň hormatyna Ak Tamda beriljek agşam naharyna hem gatnaşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar