Liderler ÝB güni mynasibetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdi

Şu gün Ýewropa güni

268754
Liderler ÝB güni mynasibetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdi

9-njy maý ÝB-niň döredilmeginde esasy rol oýnaýan Şuman jarnamasynyň kabul edilen güni
Şol gün Türkiýäniň ÝB-ne dalaşgärliginiň kabul edilen ýyly bolan 1999-njy ýyldan bäri Ýewropa güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Liderler ÝB güni mynasibetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdi.
Prezident Erdogan Ýewropa güni mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde ÝB-niň esasy gymmatlyklarynyň we ýörelgeleriniň sebitimizde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde esasy rol oýnajakdygyna ünsi çekdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem Türkiýäniň Ýewropa materiginiň esasy elementlerinden biridigini nygtady.
Ýewropa Bileleşigi ministri we Türkiýäniň ÝB boýunça gepleşiklerini alyp baryjy Wolkan Bozkyr hem ÝB parahatçylyk taslamasy hökmünde häsiýetlendirdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar