Kataryň Daşary işler ministri Türkiýä gelýär

Halid Atiýýe resmi sapar bilen Türkiýä gelýär

266073
Kataryň Daşary işler ministri Türkiýä gelýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kataryň Daşary işler ministri Halid Atiýýe bilen Ýokary derejeli strategik komitetiň taýarlyk gepleşikleriniň çäginde hepdäniň ahyrynda Türkiýede duşuşar.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Türkiýeli we Katarly toparlaryň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda Ýokary derejeli strategik komitetiniň çägine degişli ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk, gün tertibindäki şertnamalaryň gol çekişilmäge taýar ýagdaýa getirilmegi ýaly meseleler seljerler.
Beýanatda Çawuşogly bilen Atiýýäniň sebitara we halkara meseleler barada hem pikir alyşjakdygy nygtaldy.
Ýokary strategik komiteti Prezident R. T. Erdogan bilen Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Saniniň arasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda baglaşylan Özara ylalaşyk hakyndaky memoranduma laýyklykda döredilipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar