Türkiýe Ýewropa Parlamentiniň kararyny yzyna berdi

Ýewropa Parlamentiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada kabul eden kararyny yzyna berildi

257867
Türkiýe Ýewropa Parlamentiniň kararyny yzyna berdi

Türkiýe Ýewropa Parlamentiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada kabul eden kararyny yzyna berdi.
Türkiýäniň ÝB-niň ýanyndaky hemişelik wekilligi 15-nji aprelde Ýewropa Parlamentiniň kabul eden 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar baradaky kararyny baş sahypa goşup yzyna ugratdy.
Ýewropa Parlamentiniň kanuny güýji bolmadyk kararynda 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar bilen baglanşykly ermeniler tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlara goldaw berilýär, Türkiýä geçmişi bilen ýüzleşip şol garaýyşlary kabul etmek çagyryşy berilýär.
Kararda Türkiýe bilen Ermenistana 2009-njy ýylda gol çekişilen teswirnamalaryň şertsiz tassyklanmagy, ýerine ýetirilmegi we serhediň açylmagy bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy maslahat berilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar