Çawuşogly Bosniýa-Gersegowina sapar bilen ugrady

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina ugrady

256139
Çawuşogly Bosniýa-Gersegowina sapar bilen ugrady

Saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly meselelere garalar.

Ikiçäk duşuşyklarda esasan hem Bosniýa-Gersegowinada we Balkan ýurtlaryndaky meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Türkiýaniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň dowamynda Bosniýa-Gersegowinanyň Üçlü Prezidium geňeşiniň agzalary, Bosniýa-

Gersegowina Parlamentiniň Halklar mejlisiniň we Wekiller mejlisiniň agzalary bilen hem duşuşyk geçirer.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Aliýa Izzetbegowiçiň ýadygärlik mazaryna baryp görer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar