Mejlisiň başlygy Çiçek resmi sapar bilen Russiýa gitdi

Çiçek Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Awtanomiýasyna hem barar

235224
Mejlisiň başlygy Çiçek resmi sapar bilen Russiýa gitdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek bilen türk resmi wekiliýeti Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Ümit Ýardym tarapyndan garşylandy.
Çiçek Moskwadaky resmi saparynyň çäginde Russiýanyň Parlamentiniň aşakky ganady Dumanyň başlygy Sergeý Narişkin we ýokarky ganadynyň başlygy Walentina Matýiwenko bilen duşuşar.
Resmi duşuşyklaryndan soň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Awtanomiýasyna barjak Jemil Çiçek Kazan şäherinde Tatarystanyň Döwlet geňeşiniň başlygy Ferid Muhametsin we Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow bilen duşuşar.
Saparyň çäginde Tatarystanyň Döwlet geňeşi bilen TBMM-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýan memoranduma gol çekişilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar