Türkiýe Palestinanyň jebisligini isleýär

Dawutogly Palestina üçin milli jebislik hökümetiň wajypdygyny nygtady

289041
Türkiýe Palestinanyň jebisligini isleýär

7-nji iýundaky saýlawlara taýarlanýan Premýer ministr Ahmet Dawutogly, beýleki tarapdanam halkara meseleler bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Dawutogly Hamasyň lideri Ismail Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde Dawutogly Haniýeden Gazanyň we Palestinanyň soňky ýagdaýlary barada maglumat aldy.

Dawutogly Palestina üçin milli jebislik hökümetiniň wajypdygyny nygtap, Palestina berilýän kömekleriniň dowam etjekdigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar