Daşary işler ministri Çawuşogly Moldowa we Litwa sapar gurar

Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa bilen utgaşyklyk ministri Natalia Germanyň çakylygyna laýyklykda 2-nji aprelde Moldowa barjak Çawuşogly, 3-nji aprelde bolsa Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkewikiusyň çakylygyna laýyklykda Litwada bolar

289203
Daşary işler ministri Çawuşogly Moldowa we Litwa sapar gurar

Çawuşogly Moldowada Daşary işler ministri German bilen geçirjek duşuşygynda özara gatnaşyklaryn dürli ugurlarynda soňky döwürde edilen öňe gidişlikler bilen möhüm sebitleýin hem-de halkara meseleler barada pikir alyşar.
Çawuşogly paýtagt Kişinewde Moldowanyň Prezidenti Nikolaý Timofti, Premýer ministr Kiril Gaburiji tarapyndan kabul ediler. Soň Gagauz Awtanomiýasyna baryp, ýolbaşçylar bilen duşuşar.
Çawuşogly Litwa saparynda bolsa Baltika ýurtlary bilen ýokary gatnaşyklaryň we ösýän hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi maksadyna laýyklykda kärdeşi Linkewikius bilen gepleşikler geçirer.
Çawuşoglynyň Litwanyň Prezidenti Dalia Gribauskaýt we Premýer ministri Algirdas Butkewikius tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar