"Terror hüjümleri bahanasy bilen yslam duşmançylygyna meçew berilýär"

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Bardo muzeýine guralan terrorçylykly hüjüme garşy ýörişe gatnaşandan soň Türkiýäniň Tunisdäki ilçihanasynda žurnalistlere beýanat berdi

287026
"Terror hüjümleri bahanasy bilen yslam duşmançylygyna meçew berilýär"

Esasanda “Arap baharyndan” soň Demirgazyk Afrika ýurtlaryna we Ýakyn Gündogar uly howp abanýandygyny nygtan Numan Kurtulmuş, iň uly howplardan biriniň hem terrordygyny aýtdy.
Kurtuşmuş “Biz, nireden gelse gelsin, kim tarapyndan goldanýan bolsa bolsun, terroryň ählisine garşy” diýdi.
Wise-premýer “Uzak ýyllardan bäri dowam edýän terrorçylykly hüjümler bize bir zady öwredýär. Uly güýçlerin strategik goldawyny almaýan, logistiki goldawyny almaýan, maglumat goldawyny almaýan, hatda käbir maddy goldawlaryny almaýan terror guramasynyň hereket etmegi mümkin däl” diýdi.
Dünýäniň hiç bir ýerinde, hiç bir terrrorçylykly hüjümiň ýekelikde üç-dört adam tarapyndan guralyp bilinjek zat däldigini bellän Kurtulmuş “Terroryň birem görünmeýän tarapy bar. Bütin dünýä terroryň görünmeýän tarapyna bilelikde göreşmeli” diýip, belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar