Erdogan Olanda gynanç bildirdi

Erdogan ýolagçy uçarynyň Fransiýada heläkçilige uçramagy sebäpli gynanç bildirdi

285343
Erdogan Olanda gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olanda telefon edip Germanwings howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň Fransiýada heläkçilige uçramagy sebäpli gynanç bildirdi.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde fransuz kärdeşine Barselona-Düsseldof saparyny amala aşyrýarka Fransiýada ýere gaçan we 144 ýolagçy bilen 6 ekipažyň ýogalmagyna sebäp bolan heläkçiligine Türkiýäniň çuňňur gynanç bildirýändigini aýtdy.
Oland hem Prezident Erdogana duýgudaşlyk sözleri sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar