Türkiýe Ýemende başladylan harby operasiýa goldaw berýär

Harby operasiýanyň Ýemende legal awtoritara uly goşant goşjakdygy nygtaldy

282473
Türkiýe Ýemende  başladylan harby operasiýa goldaw berýär

Türkiýe Ýemende gün saýyn güýçlenýän Husilere garşy Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmeginde başladylan harby operasiýa goldaw berýär.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda harby operasiýanyň Ýemende legal awtoritara uly goşant goşjakdygy nygtaldy.
“Ýemende gazanylan ähli ylalaşyga garamazdan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2201belgili kararyny basgylap paýtagt Sanadan we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalardan çekilmedik Husi başbozarlaryň bir taraply ýagdaýda hüjümlerini dowam etdirmegi we ýurduň legal Prezidenti Hadiniň gizlenen we wagtlaýyn paýtagt yglan eden Aden şäherini ele geçirmek üçin operasiýa guramagyny berk ýazgarýarys” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar