Türkiýe Pakistanda buthanalara guralan hüjümi ýazgardy

Pakistanda dini dabara guralýarka guralan hüjümde 14 adam ýogalypdy

266457
Türkiýe Pakistanda buthanalara guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Pakistanyň Lahor şäherinde katolik we protestan buthanalaryna guralan hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda; “Pakistanyň durnuklylygy bilen dürli dinleriň we medeniýetleriň agzibirlikde asuda ýagdaýda ýaşaýan şertini nyşana alan hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys” diýildi.
Pakistanda dini dabara guralýarka guralan hüjümde 14 adam ýogalypdy we 80 adam hem ýaralanypdy.
Wakadan soň sebitde ýaşaýan hristianlar hökümetiň howpsyzlyk taýdan ýeterlik derejede çäre görüp bilmeýändigi sebäpli protest ýörişi gurady.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar