Erdogan BMG-nyň özüni özgertmelidigini aýtdy

“Dünýä 5-den uludyr” çagyryşyny ýene-de bir gezek beýan eden Prezident günbatar ýurtlaryna ňägilelik görkezip, Siriýada başdan geçirilýänlere ünsi çekdi

262645
Erdogan BMG-nyň özüni özgertmelidigini aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe Siriýadan we Yrakdan 2 milliona adama gapylaryny açan bolsa, ÝB-ne agza ähli ýurtlarda diňe 250 müň siriýaly we yrakly bosgunyň bardygyny nygtady.
Günbatar ýurtlarynyň Türkiýäniň bosgunlar üçin eden pidakärlikleriniň ähli zatdan ýokarda görýändigini bellän Erdogan “Bu biziň ynanjymyzyň talabydyr” diýdi.
ABŞ-nyň we ÝB-niň gapylaryny siriýaly bosgunlara ýapandygyny we açmandygyny aýdan Erdogan “Öz raýatlarynyň burny gazana goh-galmagal turuzýarlar. YSYS adamlary köpçülikleýin ýagdaýda öldürip, medeni gyrgynçylyk edýär, olar bolsa gurama goşulyşan üç raýatynyň derdinde” diýdi.
Erdogan “Siriýada Başar Asad bir ýurdy, taryhy ýok edýärkä BMG deňagramlyklary üns bermegiň yzynda, şol sebäpli hem men dünýä bäşden uludyr diýýärin. İndi BMG özgermeli” diýip nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar