Şu gün Döwlet senasynyň kabul ediline 94 ýyl doldy

Döwlet ýolbaşçylary Döwlet senasynyň kabul edilen güni mynasibetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdi

260481
Şu gün Döwlet senasynyň kabul ediline 94 ýyl doldy

Şu gün sözleri Mehmet Akif Ersoý tarapyndan ýazylan Döwlet senasynyň kabul ediline 94-ýyl doldy.
1921-nji ýylda Milli bilim ministrligi tarapyndan geçirlen bäsleşige gatnaşan 724 şahyryň arasynda Ersoýyň şygyry ýer almady.
İlki pul baýraklydygy sebäpli bäsleşige gatnaşmak islemedik Ersoý döwrüň Milli bilim ministri Hamdullah Suphiniň islegine laýyklykda Türkiýäniň ýaragly güýçlerine ýüzlenip ýazan şygyry bilen bäsleşige gatnaşdy.
1921-nji ýylyň 12-nji martynda Mehmet Akifiň ýazan şygyry Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde dabaraly ýagdaýda Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senasy hökmünde kabul edildi.
Döwlet ýolbaşçylary Döwlet senasynyň kabul edilen güni mynasibetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdi.
Prezident R. T. Erdogan “Döwlet senamyz Milli Azat edijilik söweşiniň aldym-berdimli günlerinde halkymyza ruhy taýdan goldaw beren, halkymyzyň gymmatlyklaryny we watan söýgüsini gysgaça beýan edýän gahrymançylyk dessanydyr” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem Döwlet senasyny taryhda deňi-taýy bolmadyk gahrymançylyk dessany hökmünde häsiýetlendirdi.
Beýleki tarapdan Döwlet senasyny ýazan şahyr Mehmet Akif Ersoý Stambuldaky gubyrynyň başynda hatyralandy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar