"Zenana garşy edilen zulum, basyş asla kabul edilip bilinmez"

Dawutogly “Gender deňligi we zenanyň güýçlendirilmegi” temaly maslahata gatnaşdy

251931
"Zenana garşy edilen zulum, basyş asla kabul edilip bilinmez"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly BMG-da “Gender deňligi we zenanyň güýçlendirilmegi” temaly maslahata gatnaşdy.
Premýer ministr Dawutogly maslahatda BMG-na agza ýurtlara ýüzlenip eden çykyşynda alalamanyň ortadan aýrylmalydygyny belledi.
Dawutogly “Zenana garşy edilen zulum, basyş asla kabul edilip bilinmez”diýdi
Türkiýäniň zenanlaryň goralmagy we zenan hak-hukuklarynyň güýçlendirilmegi baradaky tagallara goldaw berýändigini aýdan Dawutogly zenana garşy näme sebäpli basyş edilendigine garamazdan kabul edilip bilinmejekdigini belledi
Alalamanyň ortadan aýrylmalydygyna ünsi çeken Premýer ministr Dawutogly meseläniň Türkiýäniň G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän döwründe gün tertibine getiriljekdigini nygtady.
Dawutogly “Ykdysady ösüş üçin oňa aýal-gyzlar hem degişli edilmeli” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar