Türkiýe Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

Beýanatda Türkiýäniň Owganystandaky ilçihanasyna degişli iki resmi ulag geçip barýarka bomba ýüklenen ulagyň ýarylandygyna üns çekildi.

238924
Türkiýe Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Türkiýäniň Owganystandaky ilçihanasyna degişli iki resmi ulag geçip barýarka bomba ýüklenen ulagyň ýarylandygyna üns çekildi.
Hüjümde Türkiýäniň Owganystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi, şol bir wagtda NATO-nyň Owganystandaky ýokary derejeli harby däl ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirýän İsmail Aramazy goraýan 1 esgeriň şehit bolandygy, 1 esgeriň hem ýaralanandygy aýdylýan beýanatda ýaralanan esgeriň NATO degişli harby dik uçar bilen bejeriş maksady bilen Bagram harby bazasyna alnyp gidilendigi ýatladyldy.
Beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Şehidimize alladan rehnet, maşgalasyna we halkymyza duýgudaşlyk bildirýäris. Ýaralanan esgerimiziň hem gysag wagtda saglygyna gowuşmagyny dileýäris” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar