Türkiýe Liwiýada guralan hüjümi ýazgardy

Köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy

226560
Türkiýe Liwiýada guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Liwiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy we taraplara BMG-nyň gözegçiligi astynda dowam etdirilýän syýasy dialog etabyna goldaw bermekleri çagyryşyny berdi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Liwiýanyň Kuba şäherinde guralan köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy.
Beýanatda “Liwiýada guralan hüjümlerde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa dileýäris. Doganlyk ýurt Liwiýanyň halkyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.
Türkiýäniň soňky günlerde Liwiýada ýokarlan terrorçylykly hüjümlere alada bildirýändigi nygtalan beýanatda Liwiýanyň sebitde täze terror merkezi ýagdaýyna gelmezligi üçin milli ylalaşygyň gysga wagtda gazanylmagynyň ähmiýetine üns çekildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar