"Çaga günäsizdir,çaga el uzadan we ony öldüren adam ganhordyr"

"Çagalar bilen birlikde asuda ilaty öldüren her bir adamy nälätleýärin"

222734
"Çaga günäsizdir,çaga el uzadan we ony öldüren adam ganhordyr"


Pezident Erdogan Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Tebigy apatlar we adatn daşary ýagdaýlar edarasyna degişli 22 sany logistiki merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda “Çaga günäsizdir,çaga el uzadan, çaganyň janyna kast eden her bir adam ganhordyr” diýdi.
Siriýada, Palestinada, Müsürde, Yrakda çagalar bilen birlikde asuda ilaty öldüren her bir adamy nälätleýändigini aýdan Erdogan, söweşleriň esasan hem çagalara uly zeper ýetirýändigini belledi.
Täze açylan merkezleri türk medeniýetinden we taryhyndan göz baş alýan arkalaşygyň we ýardamsöýerligiň guramalaşdyrlan görnüşi hökmünde görýändiklerini aýdan Prezident Erdogan “Türkiýäniň hem ýurduň içinde hem-de dünýäniň çar tarapynda başdan geçirlip bilinjek ýer titremesi, sil, ýangyn ýaly apatlarda gyssagly herekete geçip biljek ulgamy we guramasy bar” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar