Türkiýe Pakistanda guralan bombaly hüjümi ýazgardy

"Terrorçylyga garşy göreşde dost we doganlyk ýurt Pakistana goldaw bermäge dowam ederis"

221286
Türkiýe Pakistanda guralan bombaly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi Pakistanyň Lahor şäherinde polis mekdebine guralan bombaly hüjümi ýazgardy.
Türkiýäniň daşary işler ministrligi tarapyndan mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda “Pakistanyň Lahor şäherinde polis mekdebine guralan bombaly hüjüm sebäpli 8 adamyň ýogalmagyna, köp sanly adamyň ýaralanmagyna gynanç bildirýäris”diýildi.
Hyýanatçylykly hüjümiň berk ýazgarylýandygy nygtalan beýanatda “hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, hosarlaryna duýgudaşlyk, ýaralananlara şypa dileýäris”diýildi.
Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem terrorçylyga garşy göreşde dost we doganlyk ýurt Pakistana goldaw bermäge dowam ediljekdigi ýatladyldy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar