Dawutogly dost we doganlyk ýurt Pakistanda saparda boldy

Birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 11 şertnama gol çekişildi

221836
Dawutogly dost we doganlyk ýurt Pakistanda saparda boldy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly dost we doganlyk ýurt Pakistanda saparda boldy
Dawutogly saparynyň çägide Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy
Özara we toparara gepleşiklerden soň Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty geçirildi.
İki kärdeş maslahatyň çäginde iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 11 şertnama gol çekişdi.
Premýer ministr Dawutogly bilen Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif soň bolsa metbugata beýanat berdi.
Dawutogly terrora we yslama garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çekdi we Amerikada öldürlen musulmanlar bilen Ýewropada ýakylan metjitleri ýatlatdy.
Premýer ministr Dawutogly sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Ahmet Dawutogly iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini belledi.
Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif hem “Türkiýä sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ýakyndan gyzyklanýandygy we tagalla edýändigi sebäpli minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.
İki kärdeş soň bolsa Türkiýe-Pakistan İşewür adamlary maslahatyna gatnaşdy.
Premýer ministr Dawutogly maslahatda Türkiýede soňky döwürde edilen öňe gidişlikler barada maglumat berdi.
“Türkiýede syýasy durnuklylyk bar bolsa, geljegi meýilleşdirlen bolsa bu üstünligiň hekaýasydyr” diýen Premýer ministr Dawutogly “Öňümizde saýlaw bar bolsa-da hökümet hökmünde 9 ýyllyk iş meýilnamamyzyň tutanýerlilik bilen durmuşa geçirilýändigini görýäris” diýip belledi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türk ykdysadyýetiniň we syýahatçylyk pudagynyň gazanan üstünliklerine ünsi çekdi.
Premýer ministr Halkara Refah uniwersiteti tarapyndan geçirlen konferensiýa gatnaşdy.
Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin tarapyndan hem kabul edilen Premýer ministr Dawutoglyna Pakistanyň Döwlet nyşany gowşuryldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly resmi saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar