Sarkisýan "Türkiýe yzygiderli ýagdaýda täze şertleri öňe sürýär"

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda baglaşylan teswirnama parlamentden çekildi

220333
Sarkisýan "Türkiýe yzygiderli ýagdaýda täze şertleri öňe sürýär"

Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda 2009-njy ýylda baglaşylan teswirnamany parlamentden çekdi.
Sarkisýan Türkiýäniň yzygiderli ýagdaýda täze şertleri öňe sürýändigini aýtdy.
Serž Sarkisýan şol sebäpli hem Ermenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky teswirnama bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi baradaky teswirnamany Mejlisden yzyna çekendiklerini belledi.
2007-nji ýylda Şweýsariýanyň töwellaçylyk etmeginde başlan etap 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň arasynda teswirnama baglaşylmagy bilen dowam edipdi.
İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny göz öňünde tutýan teswirnamalar iki ýurt tarapyndan tassyklanmagy üçin degişli guramalara hödürlenipdi.
Prezident Sarkisýan 2010-njy ýylyň 22-nji aprelinde beren beýanatynda teswirnamalaryň tassyklanmagy etabynyň saklanandygyny mälim edipdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar