Türkiýe içerki urşuň bosagasyna gelnendigi sebäpli ilçihanasyny ýapdy

“Ýemendäki syýasy krizis we durnuksyzlyk sebäpli Ýemendäki ilçihanamyzyň wagtlaýyn ýapylmagy barada karar kabul edildi”

219631
Türkiýe içerki urşuň bosagasyna gelnendigi sebäpli ilçihanasyny ýapdy

Ýemende Husileriň häkimiýeti ele geçirmeginden soň içerki uruş howpy başdan geçirilýär .
Türkiýe içerki urşuň bosagasyna gelnendigi sebäpli Ýemendäki ilçihanasyny wagtlaýyn ýapdy.
Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Fazly Jorman bilen birlikde ilçihananyň işgärleri Türkiýä çagyryldy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan mesele barasynda berlen beýanatda “Ýemendäki syýasy krizis we durnuksyzlyk sebäpli Ýemendäki ilçihanamyzyň wagtlaýyn ýapylmagy barada karar kabul edildi” diýildi.
Beýanatda Türkiýäniň Ýemende parahatçylygyň, howpsyzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar