Bozkyr resmi sapar bilen Brýussele gitdi

Bozkyr ÝB-niň ýolbaşçylary we türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşar

216484
Bozkyr resmi sapar bilen Brýussele gitdi

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr resmi sapar bilen Brýussele gitdi.
Ministr Bozkyr 2 gün dowam etjek resmi saparynyň çäginde ÝB-niň ýolbaşçylary we türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşar
Wolkan Bozkyr saparynyň birinji gününde Ýewropa Komissiýasynyň bazarlardan jogapkär agzasy Janyttyn Hil bilen duşuşar.
Ministr Bozkyr Ýewropa Parlamentiniň ozalky halk deputaty Emine Bozkurdy kabul eder.
Bozkyryň penşenbe güni bolsa ÝB-niň giňelmekden we goňşuçylyk syýasatlaryndan jogapkär ýolbaşçysy Ýohannes Han we ÝB-niň Ylmy barlaglardan jogapkär ýolbaşçysy Karlos Mendez bilen birlikde ÝB-niň Ykdysadyýetden we gümrük bileleşiginden jogapkär komisary Piýer Moskowisi bilen duşuşmagyna garaşylýar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar