Prezident  Erdogan Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Saparlar 1995-nji ýyldan bäri sebite Türkiýeden Prezident derejesinde guraljak ilkinji sapar bolar

212477
Prezident  Erdogan Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident R. T. Erdogan geljek hepde Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde Kolumbiýa, Kuba we Meksika barar.
Prezident Erdoganyň Günorta Amerika sapary 10-njy fewralda Kolumbiýa bilen başlar.
Saparlar 1995-nji ýyldan bäri sebite Türkiýeden Prezident derejesinde guraljak ilkinji sapar bolar.
Saparyň çäginde ýokarda ady agzalýan ýurtlar bilen Türkiýäniň arasynda edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar