Maliniň Prezidenti Kittae resmi dabara bilen garşylandy

İki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi

209153
Maliniň Prezidenti Kittae resmi dabara bilen garşylandy


Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä gelen Maliniň Prezidenti İbrahim Abubekir Kitta Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.
Resmi garşylama dabarasyna ilkinji gezek Prezident Erdoganyň we Maliniň Prezidentiniň aýaly hem gatnaşdy.
Özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi.
Myhman Prezident saparynyň çäginde ilki Atatürkiň kümmetine baryp gördi we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçegiň hormatyna beren günorta naharyna gatnaşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar