Erdogan Abe duýgudaşlyk bildirdi

Erdogan YSYS tarapyndan zamun alynandan soň öldürlen ýapon žurnalist üçin duýgudaşlyk bildirdi

209154
Erdogan Abe duýgudaşlyk bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe telefon edip YSYS tarapyndan zamun alynandan soň öldürlen ýapon žurnalist üçin duýgudaşlyk bildirdi.
Kärdeşi Abe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident Erdogan öldürlen ýapon žurnalistiň maşgalasyna we ýapon halkyna duýgudaşlyk bildirdi.
Terroryň diniň we milletiniň ýokdygyna ünsi çeken Prezident Erdogan Türkiýe hökmünde terrorçylyga garşy göreşde halkara jemgyýetçiligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Ýapon halkynyň gynanjyny paýlaşan Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Ýaponiýa bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar