Türkiýe Ukraina we Ýaponiýa duýgudaşlyk bildirdi

Türkiýe Ukraina we Ýaponiýa duýgudaşlyk ýüzlenmelerini ugratdy

197600
Türkiýe Ukraina we Ýaponiýa duýgudaşlyk bildirdi

Türkiýe Ukraina we Ýaponiýa duýgudaşlyk ýüzlenmelerini ugratdy Daşary işler ministrligi Ukrainanyň Marýupol şäherinde roketa bilen guralan hüjümde 30 adamyň ýogalmagy sebäpli duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi. Ýüzlenmede “Çem gelen ýere guralan hüjümleri berk ýazgaryp, ähli ukrain halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýär.
Miniskde gazanylan hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň berjaý edilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň çagyryşlaryna üns berilmeýändigine üns çekilýän ýüzlenmede, Türkiýäniň asuda ilata guralýan şol hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin durnukly parahatçylygy goldamaga dowam etjekdigi nygtalýar.
Daşary işler ministrligi terror guramasy YSYS-yň zamun alan iki ýapon raýatyndan birini öldürmegi sebäpli çap eden duýgudaşlyk ýüzlenmesinde bolsa “Şu wagşy terror wakasyny berk ýazgarys” diýilýär.
Ýapon hökümetine we dostlukly ýapon halkyna duýgudaşlyk bildirilýän ýüzlenmede, terrorçylyga garşy göreşde halkara arkalaşygynyň dowam etjekdigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar