Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katar bolýar

Saparyň ileri tutuluýan ugry terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek

191105
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katar bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ilki bilen Kataryn Premýer ministri Şeýh Abdullah Bin Nasser Al Tani tarapyndan kabul ediler.
Ministr Çawuşogly soň bolsa katarly kärdeşi Halid Ben Mohammed Al Attiýah bilen duşuşar.
Mewlüt Çawuşogly Katardaky saparynyň çäginde terror guramasy YSYS-a garşy göreş, Siriýadaky we Yrakdaky soňky ýagdaý, Parižde guralan hüjümler bilen başlan etap barada pikir alyşar.
Duşuşyklaryň dowamynda Arap baharyndan soň sebitde ýetilen sepgit gün hem tertibine geler.
Türkiýe we Katar Müsürde saýlaw bilen iş başyna gelen prezident Muhammed Mursini agdaryp häkimiýet başyna geçen Sisiniň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy syýasat alyp barýardy. Emma Katar soň Müsürin hökümeti bilen gatnaşyk etmäge başlady.
Resmi Ankara onuň Ankara-Katar gatnaşyklaryna täsir ýetirmejekdigini nygtapdy. Daşary işler ministr Çawuşogly “dostlukly ýurtlaryň üçünji ýurtlar bilen gatnaşyklaryny biziň bilen bolan gatnaşyklaryna alternatiw hökmünde kabul etmeýäris” diýipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar