Daşary işler ministri Çawuşogly Kuweýde bardy

Çawuşogly ilki Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah tarapyndan kabul edildi

189125
Daşary işler ministri Çawuşogly Kuweýde bardy

Daşary işler ministri Çawuşogly Kuweýtde saparda bolýar.
Mewlüt Çawuşogly ilki Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah tarapyndan kabul edildi.
Kabul edilşikde Müsüriň başda durmagynda YSYS terror guramasyna garşy göreş we Yrak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Kuweýdiň Premýer ministri Şyh Mübärek Al Jabir As Sabah bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşdy.
Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Mejlisiň başlygy Marzuk Al Ganim we Kuweýdiň Daşary işler ministri Şyh Sabah Al Halid As Sabah bilen duşuşdy.
Daşary işler ministri Çawuşogly kärdeşi Şyh Sabah Al Halid As Sabah bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.
Müsür tagalla eden halatynda gatnaşyklaryň kadalaşyp biljekdigini aýdan Çawuşogly “Müsüriň durnuklylygy we howpsyzlygy sebitde ýerleşýän ýurtlara täsirini ýetirýär. Biz Müsüriň häzirki başdan geçirýän ýagdaýyna garşylyk görkezýäris. Elbetde Müsür oňyn çemeleşen halatynda gatnaşyklarymyz kadalaşyp biler. Biz bu günki güne çenli Müsüre garşy hiç hili karar kabul etmetik. Halkara jemgyýetçiliginde Müsüre garşy propapanda alyp barmadyk. Emmä käbir ýurtlar Türkiýä garşy duşmançylykly tutum alyp barýar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar