"Hamas terror guramasy däldir we terrorçylykly hüjüm guramady"

Dawutogly Türkiýäniň daşary syýasaty barada maglumat berdi

183155
"Hamas terror guramasy däldir we terrorçylykly hüjüm guramady"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Germaniýa guran saparynyň çäginde Körber gaznasynda Türkiýäniň daşary syýasaty barada maglumat berdi.
Palestina meselesi barada durup geçen Premýer ministr Dawutogly mesele çözülmezden Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýlup bilinmejekdigini nygtady.
“Hamas terror guramasy däldir we hiç hili terrorçylykly hüjüm guramady” diýen Ahmet Dawutogly “Ysraýyl Günbatar Şeriadan, Gündogar İerusalymdan, Gazadan çekilen halatynda Palestina öz syýasatyny parahatçylykly ýagdaýda dowam etdirer” diýdi.
Ukraina meselesi barada hem durup geçen Dawutogly, Ukrainanyň territorial bitewiligine goldaw berýändiklerini, Krym tatarlarynyň durnuklylygynyň bolsa özleri taýdan möhümdigini nygtady.
Siriýa meselesinde “bosgunlara diňe gapymyzy däl kalbymyzy hem açdyk” diýen Dawutogly meseläniň çözülmeginde halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli hereket etmelidigini belledi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar