Erdogan gazetleriň we teleýaýlymlaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Erdogan: “Fransiýadaky hücümler dünýäniň terrorçylyga garşy göreşde bilelikde hereket etmelidigini ýene-de bir gezek görkezdi”

180512
Erdogan gazetleriň we teleýaýlymlaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident R.T.Erdogan Stambulyň Beýlerbeýi köşkünde gazetleriň we teleýaýlymlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Fransiýada guralan terrorçylykly hücümdi.
Erdogan Fransiýadaky hücümler dünýäniň terrorçylyga garşy göreşde bilelikde hereket etmelidigini ýene-de bir gezek görkezdigini nygtady.
Erdogan şeýlede Sultanahmetde, Dolmabahçede we Fransiýada guralan hücümleriň terroryň globallaşandygyny delillendirýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň “hücümi guranlaryň yslam bilen arabaglanşygy ýok” görnüşli beýanaty barada durup geçdi we “bu beýanat iňňän ýerlikli, bu meselede Fransiýany goldaýarys. Fransiýadaky ýörişe Türkiýe hem gatnaşar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar