Daşary işler ministrligi hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň daşary işler ministrligi düýn Yragyň paýtagty Bagdatda guralan we 50-ä golaý adam pidasyna we köp sanly adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan bombaly hüjümi berk ýazgardy

159265
Daşary işler ministrligi hüjümi ýazgardy

Ministrlikden berilen ýazmaça beýanatda “Yragyň durnuklylygyny, Yragyň halkynyň jebisligini we bitewiligini nyşana alan gynandyryjy hüjümi berk ýazgarýarys, gurban bolanlara alladan rehnet, hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa dileýäris” diýilýär.
Beýanatda Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşinde dost we dogan Yragyň hökümetiniň hem-de halkynyň ýanynda durmaga dowam ediljekdigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar