Türkiýäniň ilkinji çip zawody gurular

“ASELSAN” bilen Bilket uniwersiteti tarapyndan bilelikde guruljak Türkiýäniň ilkinji çip zawodynyň düýbi üstümizdäki aýyň 23-de dabara bilen tutular

155110
 Türkiýäniň ilkinji çip zawody gurular

Ankarada Bilkent Kiberpark Teknokent zolagynda guraljak dabara milli goranmak ministri İsmet Ýylmazyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkiýe şol desgada öndüriljek “GaN” esasly çipleriň saýasynda goranyş radary, elektrik togy bilen işleýän ulag, tizligi ýokarlandyrylan otly we 4G/5G ykjam telefom ulgamlary ýaly strategik tehnologiýalary öndürip bilýän dünýäniň 4-nji ýurdy bolar.
“AB-MikroNano” firmasy tarapyndan öndüriljek nanotehnologiýa önümleri eksport hem ediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar