İtaliýanyň Premýer ministri Renzi şu gün Türkiýä geler

Renzi kärdeşi Dawutogly bilen duşuşar we Prezident Erdogan tarapyndan kabul ediler

144157
İtaliýanyň Premýer ministri Renzi şu gün Türkiýä geler

İtaliýanyň Premýer ministri Türkiýede saparda bolar.
İtaliýanyň Premýer ministri Matteo Renzi Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä geler.
Renzi iki gün dowam etjek resmi saparynyň çäginde ilki kärdeşi Ahmet Dawutogly bilen duşuşar, soň bolsa Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.
Gepleşiklerde ÝB-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän İtaliýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň başda durmagynda Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmaygna garaşylýar.
Premýer ministr Dawutogly bilen kärdeşi Renzi Ankaradaky resmi gepleşiklerden soň Stambula geçiriljek Türkiýe-İtaliýa işewürler maslahatyna gatnaşar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar