Erdogan Adam hukuklary günü mynasibetli ýüzlenme çap etdi

“Türkiýe hökmünde dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan zuluma, hukugyň basgylanmagyna, bi günä adamlaryň gynalmagyna garşy göreşmäge dowam ederis”

143804
Erdogan Adam hukuklary günü mynasibetli ýüzlenme çap etdi

Prezident R. T. Erdogan 10-njy dekabr Adam hukuklary günü mynasibetli ýüzlenme çap etdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “Türkiýe hökmünde dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan zuluma, hukugyň basgylanmagyna, bi günä adamlaryň gynalmagyna garşy göreşmäge dowam ederis” diýdi.
Prezident Erdogan adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 66 ýyl ozal kabul edilendigine garamazdan dünýäniň çar tarapynda ynsanlaryň esasy hak-hukuklarynyň peýdalanyp bilmeýändigine ünsi çekdi.

 

 

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar