Türkiýe bilen Azerbaýjan emeli hemra taýarlamagy meýilleşdirýär

Ylym, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşyk TRT-ä beýanat berdi

137083
Türkiýe bilen Azerbaýjan emeli hemra taýarlamagy meýilleşdirýär

Türkiýe bilen Azerbaýjan birlikde emeli hemra taýarlamagy meýilleşdirýär.
Garadeňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ylym we tehnalogiýa ministrleriniň maslahaty düýn Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirildi.
Maslahatda gurama agza ýurtlaryň ylym we tehnalogiýa taýdan 4 ýyllyk iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylym, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşyk maslahatdan soň TRT-ä beýanat berdi.
Yşyk, alymlaryň arasynda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy, talyp we ylmy işgär çalşygy, uniwersitetleriň öz aralarynda edýän hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi üçin jarnama çap etjekdiklerini aýtdy.
Fikri Yşyk Bakuwdaky saparynyň çäginde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň birlikde emeli hemra taýarlamagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar