Dawutogly İbadi we Barzani bilen söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Kerkukdaky howpsyzlyk meselesine garaldy

207036
Dawutogly İbadi we Barzani bilen söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Yragyň Premýer ministri Haýdar Al İbadi we Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Prezidenti Mesut Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
İbadi bilen geçirlen telefon söhbetdeşliginde Kerkukdaky howpsyzlyk meselesine garaldy.
Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Yraga guran saparynyň netijeleri we Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk maslahaty üçin görülýän taýarlyklar seljerildi.
Ahmet Dawutogly bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Prezidenti Mesut Barzani hem Kerkukdaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.
Premýer ministr Dawutogly Türkiýäniň Yragyň durnuklylygy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny ýene-de bir gezek nygtady we Mesut Barzanini Türkiýä çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar