Papa sapar bilen Türkiyä geler

Katolik dünýäsiniň ruhani lideri Papa Françesko üstümizdäki aýyň 28-30-y aralygynda Türkiýede saparda bolar

204089
Papa sapar bilen Türkiyä geler

Esenboga adyndaky howa menzilinde resmi dabara bilen garşlaynjak Papa Atatürkiň kümmetini zyýarat eder.
Papa Françesko soň bolsa Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul ediler.
Soň Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşjak Papa, Din işler guramasynyň başlygy Mehmet Görmez bilen hem görüşer.
Papa Françesko saparynyň ikinji gününde Stambula barar.
Aýasofiýa muzeýi bilen Soltanahmet metjidine baryp görjek Papa Françesko Şişli etrabyndaky Sen Espirit katolik buthanasyndaky dini dabara ýolbaşçylyk eder.
Papa şol gün Fener grek prowaslaw patriarhy Bartelemou bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.
Duşuşykda prowaslaw dünýäsi bilen taryhy meseleleriň gün tertibine gelmegine garaşylýar.
Papa saparynyň soňky gününde bolsa patriarhlygyň döredilen güni mynasybetli geçiriljek dini dabara gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar