Prezident Erdogan saparyny dowam etdirýär

Prezident Erdogan Alžirli kärdeşi Abdülaziz Buteflika bilen duşuşdy

198753
Prezident  Erdogan saparyny dowam etdirýär

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyń çäginde Alžire bardy.
Erdogan howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Howa menzilinden şehitler ýadigärligine baran Erdogan Alžiriń fransuzlara garşy garaşsyzlyk göreşiniń hormatyna dikeldilen ýadigärlige gül desselerini goýdy we hormatly dymyşlyk etdi.
Prezident Erdogan şehitler üçin doga okady.
Paýtagtyń çar tarapyndan görülýän 100 metr belentligindäki “Makamy Şehit” ýadigärligi söweşde ýogalan 1,5 million alžirliniń hormatyna 1987-nji ýylda dikeldilýär.
Prezident Erdogana saparynyń çäginde Wise-premýer Numan Kurtulmuş, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz, Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker bilen Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmaz ýoldaşlyk edýär.
Prezident Erdogan saparynyń çäginde ilki Alžiriń Premýer ministri Abdulmelik Sellaly kabul etdi.
Prezident Erdogan soń bolsa Alžirli kärdeşi Abdülaziz Buteflika bilen duşuşdy.
İki kärdeş duşuşykda iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Energetika, goranyş we ykdysadyýet ýaly ugurlarda baglaşylan şertnamalaryń uzadylmagy meselesi hem gün tertibine getirildi.
Türkiýe bilen Alžiriń arasynda energetika taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly jarnama gol çekişildi. Şol çäkde iki ýurduń firmalary tebigy gaz gözleg işleriniń geçirilmegi we çykarylmagy meselesinde birlikde işleşer

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar